- wagt
- 1) Filosofiýada: Birsyhly hereketdäki materiýanyň dowam etmeginiň obýektiw formasy.∙ Hemme zat şerte ýere we wagta baglydyr.2) Bir zadyň sekunt, minut, sagat, aý, ýyl we ş. m. bilen ölçelýän, kesgitlenýän dowamy, uzaklygy, aralygy.∙ Sähet hem jigitlikde ep-esli wagt gulluk etdi. (A. Gowşudow, Mähri-Wepa)∙ Özbek pagtaçylarynyň gelip gidenine bir hepdä golaý wagt geçipdi. («Bahar»)3) Bir zadyň bolup geçýän döwür aralygy, sagadyň, günüň, aýyň, ýylyň çalyşýan yzygiderli dowamy.∙ Iş köp wagty talap edýär.4) Döwür, möwsüm.∙ Kynçylykly wagtlar geçdi.5) Bir zadyň bolup geçýän çagy.∙ Gyş wagty sowuk bolýar.◊ bir wagtlar1) Öň bir zaman, geçmişde, öňler.∙ Bir wagtlar bolan gürrüň.2) Geljek bir zamanda, geljekde.◊ gymmat wagt — Iň ähmiýetli wagt, iň peýdaly, gerekli wagt, möwsüm, pursat.∙ Biz gymmat wagty elden berýäris. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)
Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi. 2015.